Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) "Inter Maýami" klubunyň düzüminde 21-nji iýulda çykyş eder. Bu barada toparyň eýesi Horhe Mas habar berdi diýip, rsport.ria.ru belleýär. Öň, 35 ýaşly Messi "Mundo Deportivo" bilen söhbetdeşlikde karýerasyny "Inter Maýamide" dowam etdirjekdigini aýtdy. Bu klubuň eýeleriniň toparyna Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem hem girýär. Messi amerikan toparynyň düzüminde her ýyl geçirilýän Leagues Cup ýaryşynyň Meksikanyň "Krus Asul" toparyna garşy oýnunda çykyş eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir