Lebaply üç welosipedçi Türkmenistan boýunça syýahat etmäge ugradylar. Olar bu syýahatyny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlaýarlar. Bu barada “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde habar berilýär. Syýahaty gurnaýjy — Dänew etrabynyň Parahat obasynyň ýaşaýjysy, meşhur syýahatçy, fotograf Batyr Abdyllaýew. Ol mundan öň hem ýurduň çäginde şunuň ýaly syýahatlary amala aşyryp, her gezek 700-den 1800 kilometre çenli aralygy ýöräp ýa-da welosipedli geçipdir. Nobatdaky onuň dokuzynjy syýahaty. Bu gezekki syýahata onuň ýany bilen Seýdi şäherinden Hudaýberen Saparow we Köýtendag etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Gülruh Jumaýewa goşuldy. Bu Hudaýbereniň welosipedli üçünji ýörişi. Ol tigirli Aşgabada baryp, soňra-da yzyna gaýtmagy meýilleşdirýär. Gülruh bolsa, ýörişe ugratmaga gatnaşyjylaryň ählisini geň galdyrdy, çünki ol welosiped sürmäni täzelikde öwrenipdi. Şonda-da şeýle uzak aralyga syýahata gitmegi ýüregine düwen mugallym, bu syýahaty barada okuwçylaryna gürrüň berjekdigini aýdýar. Ol Türkmenabatdan Bekdaşa, soňra Mara, Aşgabada we Türkmenbaşa gitmegi meýilleşdirýär. Biz hem ildeşlerimize ak ýol arzuw edýäris!