2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler. Bu barada «Aşgabat» gazetinde habar berilýär. Boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Büzmeýin etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilelikde guraýar. Çäre S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda, sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda geçiriler. Guramaçylar kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini haýyş edýärler. Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşyp bilerler. Habarlaşmak üçin salgysy we telefonlary: Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-14-56 Bagtyýarlyk etrabynyň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy, tel: 37-46-68 Berkararlyk etrabynyň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy, tel: 37-46-67 Büzmeýin etrabynyň Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy, tel: 33-12-69 Köpetdag etrabynyň Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-15-26 Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy, tel: 22-74-07

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir