ÄlemTV teleýaýlym operatory ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde tehnika söwdasy bilen, hem-de hemra antennalaryny, telekartlary gurnamak bilen meşgullanýan ildeşlerimizi şertnama baglanyşyp, telekartlary satmakda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar. Islendik söwda dükanlary Türkmenistanyň ähli künjeginde internetsiz ýörgünli teleýaýlymlary görmäge mümkinçilik berýän kartlary ÄlemTV teleýaýlym operatory bilen şertnama baglanyşyp, şol bir bahadan satyp bilerler. ÄlemTV telewideniýesi — Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem52°E» milli emeli aragatnaşyk hemrasy arkaly ýaýlymy amala aşyrýan, onlaýn we hemra telewideniýesi boýunça ygtybarly hyzmatlary hödürleýän resmi operatordyr. ÄlemTV telewideniýesi ulanyjylara hemra telewideniýesi we IPTV görnüşinde elýeterlidir. ÄlemTV hemra telewideniýesi — Russiýanyň, Türkiýäniň, we Özbegistanyň iň ýörgünli teleýaýlymlaryny bir ýerde jemledi. Bu hyzmaty birikdirmek bilen müşderiler, goşmaça birnäçe hemra ulgamlaryny gurnamak zerurlygyndan dynarlar. ÄlemTV IPTV hyzmaty «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň hem-de «Türkmentelekom» EAK-nyň müşderileri üçin elýeterlidir. IPTV-de 200-den gowrak teleýaýlymlar bolup, ony islendik Android ulgamly enjamlara (smartfonlar, IPTV TVBOX enjamlary we telewizorlar) birikdirip bolýar. Älem TV IPTV hyzmatyny birikdirmek üçin, size degişli bolan aragatnaşyk operatoryna (AŞTU ýa-da Türkmentelekom) ýüz tutup bilersiňiz. Telekartlary alyp satmak soraglary boýunça: +993 62 01-99-98 Hyzmaty özüne birikdirmek isleýänler üçin: +993 12 75-37-47; +993 65 01-99-98

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir