Peru döwletiniň paýtagty Limada ýerleşýän Central Peru restorany dünýäde iň gowy restoran diýlip ykrar edildi. "2023-nji ýylyň iň oňat 50 restorany" (The World s 50 Best Restaurants) baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň netijeleriniň yglan edilmegi Walensiýada geçirildi. Şu ýyl peruly baş-aşpezler Wirhilio Martines bilen Pii Leonyň restorany geçen 2022-nji ýylda iň gowy restoran diýlip ykrar edilen Kopengageniň Geranium resrotanynyň ornuny aldy. Central-yň web sahypasyndaky maglumatlara görä, Perunyň ýerli aşhanasynda tebigatyň ýerli bereketleri we aşpezlik goşundylary ulanylýar. Ozal bu restoran Latyn Amerikasy sebitinde iň gowusy hökmünde bäş gezek ykrar edilipdi we onuň birbada 11 wekili şu ýylyň iň gowy 50 restoranynyň sanawyna girizildi. Ilkinji 50-ligiň ýene ýedi agzasy Aziýa ýurtlaryndan. 2023-nji ýylyň iň gowy 50 restorany: Central (Lima), Disfrutar (Barselona), Diverxo (Madrid), Asador Etxebarri (Aşle, Ispaniýa), Alchemist (Kopengagen), Maido (Lima), Lido 84 (Gardone Riwýera, Italiýa), Atomix (Nýu-Ýork), Quintonil (Mehiko), Table by Bruno Verjus (Pariž), Trèsind Studio (Dubaý), A Casa do Porco (San-Paulu), Pujol (Mehiko), Odette (Singapur), Le Du (Bangkok), Reale (Kastel-di-Sangro, Italiýa), Gaggan Anand (Bangkok), Steirereck (Wena), Don Julio (Buenos-Aýres), Quique Dacosta (Deniýa, Ispaniýa), Den (Tokio), Elkano (Hetariýa, Ispaniýa), Kol (London), Septime (Pariž), Belcanto (Lissabon), Schloss Schauenstein (Fýurstenau, Şweýsariýa), Florilège (Tokio), Kjolle (Lima), Boragó (Santýago), Frantzén (Stokgolm), Mugaritz (San-Sebastýan,Ispaniýa), Hiša Franko (Kobarid, Sloweniýa), El Chato (Bogota), Uliassi, (Senigalliýa, Italiýa), Ikoyi (London), Plénitude (Pariž), Sézanne (Tokio), Clove Club (London), The Jane (Antwerpen), Restaurant Tim Raue (Berlin), Le Calandre (Rubano, Italiýa), Piazza Duomo (Alba, Italiýa), Leo (Bogota), Le Bernardin (Nýu-Ýork), Nobelhart & Schmutzig (Berlin), Orfali Bros. Bistro (Дубай), Mayta (Lima), La Grenouillère (La Madlen-Su-Monreý, Fransiýa), Rosetta (Mehiko), The Chairman (Gonkong). Dünýäniň müňden gowrak restoratory we restoran tankytçysy 2023-nji ýylyň iň gowy restoranyna ses bermäge gatnaşdy. Öňki ýyllaryň ýeňiji restoranlary bu baýraga hödürlenmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir