Toyota täze modelleriniň dizaýnynda emeli aňy (AI) ulanyp başlady. Ol tekst buýruklaryna düşünýär we şoňa laýyklykda enjamyň daşky görnüşini döredýär. Täzeligiň artykmaçlygy tekst bilen beýan edilen abstrakt isleglere düşünýänliginde. Dizaýnerler AI-den awtoulagy ýumşak, wnedorožnige meňzeş, döwrebap ýasamagy haýyş edip bilerler. Şondan soň kompýuter onuň düşünen görnüşini ekranan çykaryp biler. Ýokardaky wideo AI-nyň aerodinamikany gowulaşdyrmaga nähili kömek edýändigini görkezýär. Kompýuteriň aňy, prosesiň ähli inženerçilik aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, awtoulagy doly ösdürip bilmeýär. Häzirki wagtda onuň wezipesi döredijilik işiniň irki döwründe kömek etmekdir, adamlaryň soňra ösdürip we üstüni ýetirip başlajak tendensiýany düzmekdir.