Meta sosial ulgamynyň Twitter-e garşydaş taýynlaýandygy mälim bolan dessine milliarder Ilon Mask beýleki bir milliarder Mark Sukerbergi söweşe çagyrdy. Ilon Maskyň Sukerberg bilen "kapasdaky söweşe taýyn" diýip ýazan twitinden soň, Meta-nyň baş müdiri Maskyň twitiniň skrinşotyna "boljak ýerini aýt" diýen ýazgy bilen goluny goýup çalt jogap berdi. Mask hem öz gezeginde gysga we aýdyň jogap berdi: “Las Wegas, Oktagon.” Iki milliarderiň arasynda bolup biläýjek tutluşygy gysgadan seljersek, onda şulary bellemeli: 51 ýaşly Mask agram taýdan Sukerbergden artykmaçdyr. Şol bir wagtyň özünde, ol Günorta Afrikada önüp-ösende "hakyky wagşyýana köçe söweşlerine" gatnaşandygyny aýtdy. 39 ýaşly Sukerberg ýakynda jiu-jitsu ýaryşynda ýeňiji boldy. Geçen ýylyň sentýabr aýynda Sukerbergiň garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça tälim alyp başlandygy we tälimçisiniň ony halkadaky "sessiz ganhor" diýip atlandyrandygy habar berildi. Sukerberg ýakynda Murph Challenge-i 40 minudyň içinde tamamlandygyny nygtaýar. Bu synag 1 mil aralyga ylgamagy, 100 gezek özüňi çekmegi, 200 gezek özüňi otžimaniýany, 1 km-e gaýtalap ylgamak bilen, 300 gezek oturyp-turmagy öz içine alýar. Elbetde, Mask bilen Sukerbergiň çaknyşygy ähli döwürleriň iň ajaýyp söweşlerinden biri bolup biler. Mask diňe garşydaşynyň üstünde ýatjakdygyny, başga hiç zat etmejekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir