«Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmenleri Garagum sährasynda Derwezede 50 ýyl mundan öň barlag guýusynyň opurylmagy netijesinde alawlap duran gaz kraterini söndürmegiň taslamasyny taýýarladylar. Bu barada TASS agentligi konserniň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewanyň sözlerine salgylanyp habar berýär. "Biz taslamany taýýar etdik. Onuň esasy özeni bu adatdan daşary guýa gaz akymyny çäklendirmekde jemlenýär» — diýip, Lurýewa aýtdy we taslamanyň häzirki wagtda degişli edaralar tarapyndan «ylalaşmak tapgyryndadygyny» habar berdi. Tebigy gazyň biderek ýere ýanmagynyň öňüni almak boýunça çözgüt gaz krateriniň golaýynda gaz çykaryjy guýyny gurmakda jemlenýär. Bu guýy gaz kraterine barýan tebigy gazyň ýoluny sowmaga we senagat ähmiýetli ulanmaga ýardam eder. Mälim edilişine görä, gaz krateri örän çylşyrymly ýerasty gurluşa eýedir. “Garagumyň ýalkymy” diýlip atlandyrylýan bu gaz krateri 1971-nji ýylda bu ýerde gurlan barlag guýusynyň opurylmagy netijesinde emele gelýär. 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda geçirilen Hökümet mejlisinde Derweze sebitinde ýanyp duran tebigy gazy söndürmegiň çözgüdini tapmak bilen baglanyşykly anyk tabşyryklar berildi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany indi uzak ýyllardan bäri, Derweze sebitinde köp möçberde tebigy gazyň ýanyp durandygyny, bu ýagdaýyň ekologiýa, şeýle hem golaýynda ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.