Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Türkmenistandan ilkinji bolup «All University Info» boýunça dünýäniň ähli uniwersitetleriň sanawyna girizildi. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berilýär. «All University Info» sanawy «QS World University Ranking» reýtingine salgylanyp, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri barada iň täze maglumatlary çap edýär. Bu reýtingden ugur alyp, «All University Info» dünýäniň iň köp uniwersitetleriniň ýerleşen öňdebaryjy ýurtlarynyň sanawyny neşir edýär. Bu ýurtlar ýokary hilli bilimi bermek bilen tanalýar we talyplar üçin has meşhurdyr. «All University Info» portalynyň saýtynda bellenilişi ýaly, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 1931-nji ýylda Aşgabatda Mugallymçylyk instituty hökmünde döredilip, ýokary bilim bermekde Türkmenistanda iň irki edaralaryň biridir. 1950-nji ýylda bu institut Türkmen döwlet uniwersitetine öwrülýär. Häzir ol türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň adyny göterýär. Şeýle hem portalda bellenilişi ýaly, «uniwersitet dürli hünärler boýunça ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmekde öňdebaryjy hökmünde tanalýar». Şeýle hem uniwersitetiň döwrebap binalar toplumyna we professor-mugallymlar düzümine eýedigi bellenilýär.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir