Täjigistanyň günorta-günbatarynda, Özbegistanyň çet günortasynda we Türkmenistanyň günorta-gündogarynda adatdan daşary yssynyň bolmagyna garaşylýar diýip, Meteožurnaal neşiri habar berýär. 19-24-nji iýunda Özbegistanyň we Täjigistanyň agzalan sebitlerinde yssy +41 ... +46°-a, Türkmenistanyň çet günorta-gündogarynda +40 ... +45°-a çenli bolar. Şu günler Eýranyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Arap ýarym adasynyň käbir sebitlerinde howa aşa gyzdy. 21-22-nji iýunda Eýranyň gündogarynda we Owganystanyň günbatarynda käbir ýerlerde yssy +46 ... +52°-a, Pakistanda +50° çenli bolar. Arap ýarym adasynda howanyň gyzgynlygy +45 ... +50°-a ýeter. Howanyň ählumumy üýtgemegi bilen bagly, soňky ýyllarda Eýranda, Pars aýlagynda, Pakistanda we Hindistanda howanyň +50° we ondan hem ýokary gyzmagy her ýyl diýen ýaly bellige alynýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir