2018-nji ýylda Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony bolan Ngolo Kante Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad» klubuna geçdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär. Ýarym goragçy täze topara erkin agent görnüşinde geçdi, çünki onuň «Çelsi» bilen şertnamasy şu möwsümiň ahyrynda tamamlanypdy. Žurnalist Fabrisio Romanonyň habar bermegine görä, Kanteniň täze klub bilen şertnamasy 2027-nji ýyla çenli niýetlenen. Möwsüm üçin haky 25 mln ýewro. 6-njy iýunda «Al-Ittihad» 2022-nji ýylda «Altyn topuň» eýesi we Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi Karim Benzema bilen şertnama baglaşypdy. Benzemanyň ylalaşygy 2026-njy ýyla çenli niýetlenen. «Al-Ittihad» geçen möwsümde Saud Arabystanynyň çempiony boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir