Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda «AŞGABAT» diýen ýazgyny gurnamak meýilleşdirilýär. Degişli ýazgyny gurnamak hem-de degişli abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi BÄSLEŞIK yglan etdi. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 4-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.