"Red Bull" toparynyň sürüjisi Maks Werstappen "Formula-1" çempionatynyň Kanadanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Ikinji orny "Aston Martinden" ispaniýaly Fernando Alonso, üçünji orny "Mersedesde" çykyş edýän Lýuis Hemilton eýeledi. "Formula-1-iň" häzirki we iki gezek çempiony Werstappen umumy sanawda liderligini berkitdi, onuň hasabynda 195 utuk bar. Ikinji orny Serhio Peres (126) eýeleýär. Liderleriň üçlügini Alonso (117) jemleýär. "Formula-1-iň" indiki tapgyry Awstriýanyň Gran-prisi bolup, 30-njy iýun - 2-nji iýul aralygynda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir