Ispaniýanyň milli ýygyndysy UEFA Milletler ligasynyň final duşuşygynda oýundan soňky 11 metrlik urgular boýunça Horwatiýadan üstün çykdy. Duşuşyk ýekşenbe güni Niderlandlaryň Rotterdam şäherinde geçirildi. Duşuşygyň esasy hem goşmaça wagty 0:0 hasabynda tamamlandy. Oýundan soňky 11 metrlik urgularda ispaniýalylar 5:4 hasabynda üstün çykdylar. Milletler ligasynyň bu gezekki ýaryşy taryhda üçünji boldy. Ispaniýa ýaryşda ilkinji gezek ýeňiş gazandy. Ondan öň, Portugaliýa (2019) we Fransiýa (2021) çempion bolupdy. Şeýle hem ýekşenbe güni Enshedde (Niderlandlar) geçirilen duşuşykda Italiýanyň futbolçylary 3:2 hasabynda Niderlandlary ýeňip, ýaryşda üçünji orny eýelediler. UEFA Milletler ligasynyň maksady ýoldaşlyk duşuşyklaryny güýç taýdan deň bolan resmi oýunlar bilen çalşyrmak bolup durýar. Milletler ligasynyň final tapgyryna iň güýçli diwizionyň toparlarynyň dört sany ýeňijisi çykýar. Milletler ligasynyň indiki ýaryşyny 2024-nji ýylyň sentýabryndan 2025-nji ýylyň iýun aýlarynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir