Özbegistan iki ýylyň dowamynda gaz satyn almak barada Russiýa bilen ylalaşdy, onuň ýyllyk mukdary takmynan 2,8 milliard kub metr bolar. Bu barada duşenbe güni Özbegistanyň Energetika ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. "Gaz satmak we satyn almak baradaky şertnama “Uzgastreýd” paýdarlar jemgyýeti bilen “Gazprom Export LLC” kompaniýasynyň arasynda iki ýyl möhlet bilen baglaşyldy" diýlip habarda aýdylýar. Resminama Özbegistan Respublikasynyň Energetika ministri Jurabek Mirzamahmudowyň we “Gazprom” PJSC Geňeşiniň başlygy Alekseý Milleriň gol çekendigi aýdylýar. "Ýyllyk göwrüm 2 milliard 800 million kub metr töweregi" diýip, beýanatda bellenýär. "Şertnama doly täjirçilik şertlerinde işlenip düzüldi we respublikanyň sarp edijileriniň tebigy gaza ýylsaýyn artýan islegini bölekleýin kanagatlandyrmaga we güýz-gyş möwsümini kynçylyksyz geçirmäge gönükdirilen çäreleriň biridir" diýip bellenýär. Metbugat gullugynda: "Ylalaşygyň çäginde şu ýylyň 1-nji oktýabryndan günde 9 million kub metr tebigy gazy import edip başlamak meýilleşdirilýär" – diýip takykladylar.