Türkiýe şu ýyl takmynan 60 million daşary ýurtly syýahatçyny kabul etmegi meýilleşdirýär, bu ugurdan gelýän girdeji takmynan 56 milliard dollar bolar diýip, Respublikanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Ersoý şenbe güni aýtdy. "Şu ýyl 60 million myhmany kabul edip, 56 milliard dollar girdeji gazanarys diýip garaşýarys" – diýip, TRT teleýaýlymy ministriň sözlerini getirýär. Ministriň sözlerine görä, geçen ýyl Türkiýä 51,5 million syýahatçy gelipdir, pudagyň girdejisi 46 milliard dollar bolupdyr. Ministr 2022-nji ýylda bu iki görkeziji boýunça ýurduň dünýäde üçünji orunda durandygyny belledi. Ersoýyň pikiriçe, 2028-nji ýylda Türkiýe 90 million daşary ýurtly syýahatçyny kabul etmegi we olara hyzmat etmek arkaly 100 milliard dollar girdeji almagy meýilleşdirýär.