1993-nji we 2010-njy ýyllar aralygynda adamlar ýeriň astyndan şeýle bir köp mukdardaky suwy sorduryp çykardylar welin, planetamyz gündogara 80 sm töweregi gyşardy. Bu barada Geophysical Research Letters neşirinde çap edilen gözleg işiniň awtorlary habar berdiler. "Ýeriň aýlanma oky hakykatda köp üýtgeýär - diýip, işiň awtory, Seul milli uniwersitetiniň geofizigi Ki Won So aýtdy. - Biziň gözlegimiz howa bilen baglanyşykly sebäpleriň arasynda ýerasty suwlaryň paýlanyşynyň aýlanma okuna iň uly täsir edýändigini görkezýär". Alymlar 2016-njy ýylda suwuň Ýeriň aýlanma okuna edýän täsirini ýüze çykardylar, ýöne ýerasty suwlaryň bu üýtgeşmelere goşandy entek öwrenilmedi. Ylmy topar täze gözlegde Ýeriň aýlanma okunyň eglişinde we suwuň hereketinde syn edilen üýtgeşmeleriň kompýuter modelini döretdi. Ilki bilen modellemekde diňe buz örtükleri we buzluklar, soňra ýerasty suwlaryň paýlanyşynyň dürli ssenarileri bar. Alnan surat Ýeriň okundaky syn edilen üýtgeşmelere diňe gözlegçiler 2150 gigaton göçürilen ýerasty suwlary goşandan soň gabat gelip başlady. Olar bolmasa model hakyky üýtgeşmelerden 78,5 sm sowuldy. Awtorlaryň bellemegine görä, Ýeriň aýlanma oky, adatça, bir ýylyň dowamynda birnäçe metr töweregi üýtgeýär. Şonuň üçin ýerasty suwlaryň sorulyp çykarylmagy bilen baglanyşykly üýtgeşmeler, mysal üçin, pasyllaryň üýtgemegi ýaly global töwekgelçiligi döretmeýär. Alymlaryň pikiriçe, geologiki wagt ölçeginde planetanyň egilmeginiň üýtgemegi klimata täsir edip biler.