Tesla Cybertruck-iň prototipi uçar bilen Täze Zelandiýa getirildi. Electrek neşiriniň ýazmagyna görä, ol bu ýurtda iň soňky gyş synaglaryndan geçer. Öňler Tesla gyş synaglary üçin ýerli meýdançalary ulanýardy. Täze Zelandiýada gyşyň iýun-awgust aýlary aralygynda dowam edýändigini bellemelidiris. Iýul iň sowuk aý hasaplanýar. Tesla, esasan, özüniň Alýaskadaky synag meýdançasyny gyş synaglary üçin ulanýar, emma Demirgazyk ýarym şarda tomus düşende awtoulag öndüriji Täze Zelandiýadaky synag meýdançasyny ulanýar. Çeşmeleriň berýän habaryna görä, Tesla eýýäm Alýaskada Cybertruck-y gyş synagyndan geçirdi, ýöne ulag häzirki wagtda önümçiligine girişilmezden ozal soňky synagyndan geçýär. Tesla-nyň soňky resmi teswirinde kompaniýanyň şu ýylyň üçünji çärýeginiň ahyrynda ilkinji ulaglary goýbermegi meýilleşdirýändigi aýdylýar. Tesla üpjün edijilere awgust aýynyň ahyrynda Cybertruck-iň goýberilişine we oktýabr aýynyň başynda köpçülikleýin önümçilige taýyn bolmalydyklaryny aýtdy.