Polisiýanyň patrul-robotlary durmuşa ukyplylygyny subut etmek üçin, bäş ýyldan gowrak synagdan soň, Singapuryň hemme ýerinde ýuwaş-ýuwaşdan ornaşdyrylýar. Boýy 1,7 metr töweregi bolan robotlar wakanyň bolan ýerine hakyky polisiýa işgärleri gelýänçä, kordony üpjün etmek ýa-da geçip barýanlara duýduryş bermek üçin ulanylyp bilner. Kameralar, datçikler, gürleýjiler, ekran, öwrüm signallary we sirena bilen enjamlaşdyrylan robotlar özbaşdak gözegçilik etmäge ukyply we ilata polisiýa bilen göni aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär. Singapuryň polisiýa güýçleri (SPF) iki robotyň Çangi howa menziliniň 4-nji terminalynda işe başlandygyny we bu ýerde hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin goşmaça göz bolup hyzmat edýändigini aýtdy.