Aýdymçy Ed Şiran Fonographic Performance Limited (PPL) saz kompaniýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň iň meşhur aýdymçysy diýlip saýlandy. Bu barada The Guardian ýazýar. Şirany ýurduň iň köp diňlenýän aýdymçysy diýip atlandyran gözleg akym platformalarynyň, radio aýdymlarynyň, radio ýaýlymlarynyň we köpçüligiň ýatlamalarynyň seljermesine esaslanýar. Aýdymçy 2021-nji ýylda 900 000-den gowrak nusgasy satylyp, Beýik Britaniýada üç gezek platina derejesini alan "=" albomyny çykardy. Sazanda ilkinji gezek 2012-nji ýylda "+" albomyny çykaranda PPL-iň iň meşhur bäş aýdymçysynyň sanawyna girdi. Ol bu derejäni sekiz ýyldan bäri altynjy gezek alýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir