Türkiýäniň eksporty 2023-nji ýylyň ahyryna çenli 265 milliard dollara ýeter diýlip garaşylýar. 2028-nji ýyla çenli ony azyndan 400 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär. "Çylşyrymly halkara ýagdaýyna garamazdan, şu ýylyň aýagyna çenli eksportymyzy 265 milliard dollara ýetirmek isleýäris, indiki ýyl 285 milliard dollara ýetmegi meýilleşdirýäris. Soňky 11 çärýegiň dowamynda ykdysadyýetimiz ösmegini dowam etdirdi. 2028-nji ýylda maksadymyz - 400 milliard dollar we ondanam köp"- diýip, Ärdogan belledi. Ol hümmetsizlenmegi peseltmek - ýurduň maý aýynda geçirilen parlament we prezident saýlawlaryndan soň döredilen täze hökümetiniň esasy meseleleriniň biri diýip atlandyrdy. "Hümmetsizlenmek meselesini biz ýene-de kesgitli görkezijä getireris" – diýip, Ärdogan nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir