Trend agentliginiň berýän habaryna görä, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,6 esse ýokarlanyp (106,93 million amerikan dollary), 392,74 million dollara ýetdi. Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda, hasabat döwründe Türkmenistan Azerbaýjan bilen söwda taýdan iň gowy gatnaşyk saklaýan 15 ýurduň hataryna girdi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Azerbaýjana eksporty 354,42 million dollara ýetdi, bu bolsa 2022-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, 3,6 esse artyp, 96,34 million dollar bolandygyny aňladýar. Bu döwürde Azerbaýjanyň importynyň umumy mukdaryndaky Türkmenistanyň paýy, geçen ýylyň ilkinji bäş aýyndaky 1,88 göterim bilen deňeşdirilende, 5,18 göterime çenli ýokarlandy. Şeýle hem Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Azerbaýjandan importy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,6 esse artdyrdy. Importyň mukdary 10,58 million dollardan 38,32 million dollara çenli ýokarlandy. Agzalan wagtda, 2022-nji ýylyň ýanwar-maý aýlaryndaky 0,07 göterim bilen deňeşdirilende, Azerbaýjanyň eksportynyň umumy mukdaryndaky Türkmenistanyň paýy 0,24 göterime barabar boldy. 2022-nji ýylda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 535,3 million amerikan dollaryna barabar bolandygyny bellemelidiris.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir