Netflix akym hyzmaty "Kalmar oýny" serialynyň ikinji möwsüminiň aktýorlar düzümine bagyşlanan wideo habaryny çykardy. Bu bildiriş platforma ýakyn wagtda durmuşa geçirjek taslamalaryny hödürleýän Tudum tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde edildi. Wideo, öň yglan edilişine görä, Song Ki-hunyň (Li Çžon Çže) gaýdyp gelýändigini tassyklady. Mundan başga-da, Wi Ha Çžun, Li Ben Hon we Kon Ýu keşplerini ýene-de ýerine ýetirerler. Im Şi-wan (“Ogurlanan şahsyýet”), Kan Ha Nyl (“Mirasdüşerler”), Pak Son-hun (“Ar alyş dabarasy”) we Ýan Don Gyn ("Salgysy näbelli") filmiň täze aktýorlarydyr. Ikinji möwsümde hem Hwan Don Hek režissýorlyk we ýerine ýetiriji prodýuserlik borçlaryny öz üstüne alar. Täze bölümleriň surata düşüriş işleri şu ýylyň ahyrynda başlar. “Kalmar oýny” ilkinji gezek 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda görkezildi. Filmiň sýužeti adaty bolmadyk diri galmak oýnuny oýnamagy ýüregine düwen, bir topar umytdan düşen adam hakda gürrüň berýär. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýeňşi üçin 10 million dollar baýrak garaşýar we ýeňlen halatlarynda gahrymanlar janyny bermeli bolarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir