Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) wersiýasyna görä, super agyr agramda dünýä çempiony Taýson Fýuri UFC-niň çempiony Jon Jons bilen söweşmek teklibini alandygyny aýtdy. Muny sportrbc.ru ýetirýär. “Häzir Jon Jons bilen gibrid söweşini geçirjekdigimiz barada gepleşikler alnyp barylýar. Düýn men UFC-den teklip kabul etdim, hiç haçan nämäniň boljakdygyny bilmeýärsiň. Meniň geljegim ýagty, köp sanly mümkinçilikler bar” – diýip, Yahoo! Sports Fýuriniň sözlerini getirýär. 34 ýaşly britaniýalynyň hasabynda professional ringde geçirilen 34 söweşde 33 ýeňiş we 2018-nji ýylda amerikaly Deonteý Uaýlder bilen bolan söweşde bir deňme-deňlik bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir