Counterpoint analitik kompaniýasynyň hasabyna görä, 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-da elektromobil satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 79% ýokarlandy, bu hem ABŞ-a Germaniýadan öňe geçip, dünýäde ululygy boýunça ikinji elektrikleşdirilen awtomobilleriň (nusgawy elektromobiller we birikdirilýän gibridler) bazaryna öwrülmäge mümkinçilik berdi. Elektromobil satuwy boýunça ABŞ-dan öňde diňe Hytaý bar diýip, caliber.az belleýär. Kompaniýanyň pikiriçe, elektromobiller üçin salgyt ýeňillikleri satuwy ýokarlandyrmakda uly rol oýnady we, umuman, ABŞ-nyň awtomobil pudagyna kömek etdi. Bu çärýekde Tesla-nyň paýyna elektromobil satuwynyň 62,7%-i düşdi, Model Y we Model 3 modelleriniň ikisi-de birinji orny eýeledi. Birinji çärýekde diňe Tesla-nyň elektromobil satuwynyň umumylykda 34 awtomobil markasyny hödürleýän 18 awtoöndürijiniň bilelikdäki satuwyndan ýokary bolandygyny bellemek gerek. GM awtoöndürijisi Bolt EUV we Bolt bilen ikinji orunda ýerleşdi – awtokonserniň satuw göterimi 7,6% boldy. Volkswagen bolsa ID.4 modeliniň kömegi bilen bazaryň 6,3%-ini eýeledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir