Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýa futbol Assosiasiýalarynyň Milletleriň Kubogynyň — CAFA Nations Cup-2023-iň üçünji tapgyr duşuşygynda Omanyň ýygyndysyndan utuldy. «Pahtakor» stadionynda geçirilen duşuşyk omanly futbolçylaryň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Netijede, milli ýygyndymyz ýaryşda üçünji ýer üçin bäsleşmek mümkinçiliginden hem mahrum boldy. Ugurdaş duşuşykda A toparda Özbegistan Täjigistany 5:1 hasabynda ýeňdi. Üç tapgyrdan soň, özbek topary 9 utuk toplap, toparyndan birinji ýerden ýaryşyň finalyna çykdy. Finalda Özbegistan B toparda ýeňiji bolan Eýran bilen duşuşar. Üçünji ýer üçin Gyrgyzystan bilen Oman duşuşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir