Garyşyk söweş sungatynyň russiýaly wekili Umar Nurmagomedow indiki söweşinde ABŞ-nyň wekili Kori Sendhagen bilen duşuşar. Bu barada UFC-niň metbugat gullugy habar berdi. Söweş 5-nji awgustdan 6-njy awgusta geçilen gije Neşwil şäherinde (ABŞ) guraljak ýaryşda bolmaly. Tutluşyk sport ýaryşynyň esasy wakasy bolar. Nurmagomedow 16 ýeňiş gazandy we garyşyk söweş sungatynda ýekeje-de ýeňlişi ýok. 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Umar UFC-de ilkinji söweşini geçirdi, şol ýaryşda birinji tapgyrda braziliýaly Raoni Barselosy nokautlady. Sendhagen UFC-de 2018-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Şu ýylyň mart aýynda ESPN 43-de UFC-de geçirilen iň soňky söweşinde ekwadorly Marlon Werany bölünen karary bilen ýeňdi. Umuman, amerikaly türgen MMA-da 16 ýeňiş gazandy we dört gezek ýeňildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir