ESPN-iň berýän habaryna görä, Maýkl Iordanyň NBA-da, iýmitden zäherlenendigine garamazdan, oýnan ýatdan çykmajak oýunlarynyň birinde geýen krossowkasy Goldin auksionynda 1,38 million dollara satyldy. 1997-nji ýylyň 11-nji iýunynda geçirilen “Ýuta Jaz” bilen NBA-nyň pleý-off seriýasynyň soňky tapgyrynyň bäşinji oýnundan öň Jordan özüni ýaramaz duýupdy, ýöne barybir meýdança çykdy we 38 utuk toplap, “Çikago Bullz-yň ýeňmegine kömek etdi - 90:88. Oýna "dümewli" lakamy berildi, ýöne soňra Jordan hakykatda iýmitden zäherlenendigini boýun aldy. Indiki oýunda “Çikago” çempion boldy, Jordan seriýanyň iň gymmatly oýunçysy diýlip ykrar edildi. Jordanyň beýleki iki jübüt aýakgaby hasam gymmada gitdi. Onuň aprel aýynda Sothebys-da NBA-nyň 1998-nji ýyldaky finalynyň 2-nji oýnunda geýen krossowkasy (Jordanyň “Çikagoda”-ky soňky oýny) rekord derejede 2,238 million dollara satyldy, 2021-nji ýylda basketbolçynyň NBA-da ilkinji möwsüminde geýen krossowkasy 1,472 million dollara satyldy. Maý aýynyň ahyrynda 1992-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda Litwa toparyna garşy ýarym finalda oýnan Jordanyň maýkasy Goldin auksionynda 3,03 million dollara satyldy. Jordan – “Çikago”-nyň düzüminde alty gezek NBA-nyň çempiony we iki gezek Olimpiýa çempiony.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir