Ispaniýanyň çempionatynda özem birnäçe gezek jynsparazlyk babatda kemsidilmelere sezewar edilen, «Realyň» braziliýaly hüjümçisi Winisius Žunior FIFA-nyň jynsparazlyga garşy ýörite komitetine ýolbaşçylyk eder. Bu barada FIFA-nyň başlygy Janni Infantino Winisius we Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşygyndan soň Reuters-e habar habar berdi. Oýunçylary öz içine alýan komitet jyns kemsitmeleri üçin has berk çäreleri teklip etmeli. Geljekde olar bilen bütin dünýäni tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Infantinonyň sözlerine görä, FIFA jenaýatçylary kazyýetiň üsti bilen jogapkärçilige çeker. Ol: “Mundan beýläk jynsparazlyk bilen futbol bir ýere sygyşmaz. Duşuşyklarda şeýle ýagdaý ýüze çyksa, oýunlar derrew togtadylmalydyr. Besdir indi "- diýdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir