Eger ABŞ-nyň kanuny prezident ýaryşyna gatnaşmaga rugsat beren bolsa, aktýor Arnold Şwarsenegger dalaşgär bolmaga synanyşardy. Bu barada ol “People” neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, rbc.ru habar berýär. Ol 2024-nji ýylda geçiriljek ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna gatnaşyp-gatnaşmajakdygy baradaky soraga “Hawa, elbetde” diýmek bilen, bu saýlawlarda ýeňiş gazanmak mümkinçiliginiň bardygyny hem aýtdy. Şwarsenegger Awstriýada doglandygy sebäpli prezidentlige dalaş edip bilmeýär. 1968-nji ýylda ol ABŞ-a göçdi, 1983-nji ýylda bu ýurduň raýatlygyny aldy. Ol 2003-nji ýylda Kaliforniýanyň gubernatory boldy, 2006-njy ýylda bu wezipä gaýtadan saýlandy. Arnold Şwarsenegger – aktýor, işewür we syýasatçy. Ol bodibildingde karýerasyna başlap, uly üstünliklere ýetdi we ýedi gezek “Jenap Olimpiýa” titulynyň eýesi boldy. Soňra ol kinoda surata düşüp başlady. Ol, esasanam, Terminatoryň keşbi bilen meşhurlyga eýe boldy. ABŞ-nyň nobatdaky prezident saýlawlary 2024-nji ýylda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir