Hytaý 41 sany kiçi hemrany, hususan-da, Jilin-1-i orbita üstünlikli uçuryp, birbada birnäçe kosmos enjamyny orbita bir gezekde uçurmak boýunça hususy rekordyny täzeledi. Bu barada Hytaýyň Aerokosmos ylmy we tehnikasy korporasiýasyna salgylanyp, TASS habar berýär. Maglumatlara görä, uçuryş CZ-2D raketasynyň kömegi bilen ýurduň demirgazygyndaky Taýýuan kosmodromyndan Pekin wagty bilen sagat 13:30-da amala aşyryldy. “Szilin-1” – täjirçilik ulanylyşy üçin niýetlenen optiki uzak aralykdan barlaýyş hemralary. HHR-iň resmi meýilnamasyna laýyklykda, takmynan, 2025-nji ýyla çenli orbitada bitewi ulgamy emele getirýän 138 sany şeýle kosmos enjamy bolar. CZ-2D – diametri 3,35 metr bolan suwuk ýangyçly iki basgançakly raketa. Onuň uzynlygy 40 metrden gowrak bolup, Gün-sinhron orbitasyna (700 km) 1,3 tonna çenli peýdaly ýük çykarmaga ukyplydyr. 2022-nji ýylda Hytaý 64 uçuryşy amala aşyryp, ýene bir gezek hususy rekordyny täzeledi. Ol bu görkeziji boýunça bellenilen döwürde ABŞ-dan soň ikinji orny eýeledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir