Pensilwaniýa uniwersitetiniň Diş lukmançylygy mekdebiniň gözlegçileri salat ýapraklarynyň esasynda insulin döretdiler. Onuň düzüminde tebigy insulinde duş gelýän üç sany peptid bar we ony agyzdan kabul edip bolýar, süýji keseli bolan adamlaryň durmuşyny aňsatlaşdyrýar. Bu iş Biomaterials žurnalynda çap edildi. Ösümligiň öýjük diwarlarynyň berkligi insulini hassanyň aşgazanyndaky kislotalardan we fermentlerden goraýar hem-de bu maddanyň içegelere ýetip, bakteriýalar tarapyndan owradylmagyna mümkinçilik berýär. Soňra goýberilen insulin içege-bagyr oky arkaly bagra eltilýär diýip, uniwersitetiň metbugat beýanatynda aýdylýar. Kliniki insulin onlarça ýyl bäri ulanylsa-da, tebigy onda insulinde tapylan üç peptidiň biri ýetmezçilik edýär. Mundan başga-da, insuliniň adaty usulda öndürilmegi bakteriýa ýa-da drož öýjüklerinde gormonyň ösmegini öz içine alýar. Bu preparatyň arassalanmagyny we pes temperaturada daşalmagyny hem-de saklanmagyny talap edýän gymmata düşýän prosesdir. Gözlegiň awtorlary tarapyndan işlenip düzülen önümçilik usuly gymmat we çylşyrymly laboratoriýa enjamlaryna bolan zerurlygy aradan aýyrýar we otag temperaturasynda saklanyp bilinýän önümi almaga mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir