Türkmenistanyň Prezidenti 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasyny» tassyklandy. Gol çekilen Karara laýyklykda, şeýle hem bu «Ýol kartany» ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna “Ýol kartasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir