Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) wekilleri Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro sportuň bu görnüşini ösdürendigi we türgenleri öňe iterendigi üçin hormatly dünýä çempiony guşagyny berdiler. Bu barada döwlet baştutanynyň metbugat gullugyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. “Siziň sporty we türgenleri ösdürmek maksady bilen ýaran bolmagyňyz sizi biziň hormatymyza we minnetdarlygymyza mynasyp edýär, muny bolsa biziň tapawutly nyşanymyz – dünýä çempiony guşagymyz görkezýär” – diýlip, Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) başlygy Hilberto Mendosyň hatynda aýdylýar. Maduro bu baýrak Karakasda IBA-nyň prezidenti russiýaly Umar Kremlýowyň we Ýewropanyň boks konfederasiýasynyň prezidenti, IBA-nyň wise-prezidenti Loannis Filippatosyň ýolbaşçylygynda guramanyň wekilleri tarapyndan gowşuryldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir