Russiýada 2024-nji ýylda Dostluk oýunlary geçiriler. Bu barada RF-iň Prezidentiniň ýanyndaky Fiziki medeniýeti we sporty ösdürmek boýunça geňeşiň sekretary Marat Filippow aýtdy. Muny ptzgovorit.ru ýetirýär. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek baradaky karary Wladimir Putin kabul etdi. Bu barada Peterburg halkara ykdysady forumynda belli boldy. Bu ýaryşlary geçirmäge taýýarlyk işleri eýýäm başlandy. Häzirki wagtda ýaryşlaryň maksatnamasy işlenip düzülýär. Bu ýaryşlara hem dünýäniň iň gowy türgenleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Filippow Dostluk oýunlarynyň yzygiderli boljakdygyny we onuň dört ýyldan bir gezek geçiriljekdigini aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir