Horwatiýanyň uly bolmadyk Dubrownik şäheri Ýewropada iň köp syýahatçyny jemlän şäher boldy. Bu barada “Express” neşirine salgylanyp, potokmedia.ru habar berýär. Holidu gözleg sistemasynyň maglumatlaryna görä, Dubrownikde her bir ýerli ýaşaýja 36 syýahatçydan düşýär. Deňeşdirmek üçin bellesek, Wenesiýada we Brýuggede bir ýaşaýjy üçin bu görkeziji 21 syýahatça deňdir. Dubrownik dünýä derejesindäki medeni ýadygärlik bolup, ÝUNESKO tarapyndan goralýar. Bu ýerde dynç alýanlar şäher arhitekturasy we Adriatik deňziniň ajaýyp kenarlary barada oňyn seslenme berýärler. Ýokarda bellenilen üç şäherden başga-da, syýahatçylar üçin has özüne çekiji ýerleriň sanawyna Gresiýadaky Rodos adasy we Islandiýanyň Reýkýawik şäheri girdi. Olaryň yzyndan Florensiýa, Iraklion, Amsterdam, Dublin we Tallinn gelýär.