Amerikanyň Apple korporasiýasy ýene-de dünýäniň iň gymmatly brendine öwrüldi, onuň gymmaty 880 milliard dollardan geçýär, muňa Kantar BrandZ-yň geçiren gözlegleriniň netijeleri şaýatlyk edýär. Hasabatda: "Apple 880 milliard dollar bahasy bilen dünýäniň iň gymmatly brendleriniň sanawynda birinji ýerde durýar, ondan soň Google (ikinji ýer, 578 milliard dollar) we Microsoft (üçünji ýer, 502 milliard dollar) gelýär" diýilýär. Şol bir wagtyň özünde iň uly üç brendiň bahasy peseldi: Apple - 7%, Google - 30%, Microsoft - 18%. Apple bilen Google, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, öz orunlarynda galdylar, dünýäniň iň uly onlaýn satyjylaryndan biri bolan Amazon özüniň 468,7 milliard dollar (34% peseldi) bahasy bilen üçünji orundan dördünji orna düşdi. MacDonalds (191,1 milliard, 3% peseldi) altynjy orundan bäşinjä, Visa (169,1 milliard, 11% peseldi) ýedinji orundan altynjy orna çykdy. Şol bir wagtyň özünde Tencent (141 milliard, 34% peseldi) bäşinji orundan ýedinji orna düşdi, Louis Vuitton brendi (124,8 milliard dollar) onunjy orundan sekizinji orna çykdy we Mastercard (110, 6 milliard dollar, 6% peseldi) on ikinji orundan dokuzynjy orna çykdy. Birbada ýedi setir ýokary böken we gymmaty 8% ýokarlanyp, 106,1 milliarda ýeten Coca-Cola iň gowy brendleriň onlugyny ýapýar. Bu brend onlugyň içinde bahasy ýokarlanan ýeke-täk brend boldy.