14-nji iýunda Tokioda ýaş jadygöý Garri Potter baradaky filmlere esaslanýan tematiki seýilgähiň tehniki açylyşy boldy. Kyodo News -yň habaryna görä, ilkinji bolup oňa metbugat wekilleri baryp gördüler. Seýilgäh köpçülik üçin eýýäm şu gün açyk bolar. The Warner Bros. Studio Tour Tokyo - The Making of Harry Potter Garri Potter seýilgähi “Garri Potter” kino äleminiň äheňleri boýunça gurlan üsti ýapyk, dünýädäki iň uly seýilgähe öwrüldi. Özem özüne çekiji seýilgähde Hogwarts Jadygöýler mekdebi (hereketli basgançak, jadyly petikli uly zal), Jady ministrliginiň atrýumy, Dursleýiň öýi we filmdäki beýleki jaýlar ýerleşýär. Şeýle hem ulaglar, jadyly jandarlaryň şekilleri, jadygöýleriň heýkelleri we beýleki häsiýetli zatlar arkaly myhmanlar özlerini Joan Roulingiň döreden dünýäsinde duýarlar. 18 ýaşdan uly myhmanlar üçin giriş 6300 ýen. 12 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin petek 5200 ýen, Potteriananyň 4 ýaşdan 11 ýaş aralygyndaky iň ýaş janköýerleri üçin 3800 ýen bolar. Açylyş güni üçin ähli petekler eýýäm satyldy.