15-nji iýunda «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji tapgyry Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar. Türkmen zyýaratçylaryny Saud Arabystanyna ibermeklik iýul aýynyň ortasyna çenli dowam eder. Ýurdumyzyň zyýaratçylary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline barmazdan öň, Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän Hezreti Omar metjidine baryp gördüler. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar. Haj döwrüniň 26-njy iýunda resmi taýdan yglan edilmeginden soň başlanmagyna garaşylýar. Şu ýyl COVID-19 döwründen bäri ilkinji gezek tutuş dünýäden 2,6 milliona golaý musulman mukaddes parzyny berjaý eder.