Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Filipp Merlen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmenistanyň DIM-niň binasynda geçirilen duşuşykda R.Meredow ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň onuň diplomatik işiniň amala aşyrylmagynda goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Mundan başga-da, taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, hususan-da energetika, logistika we "ýaşyl" tehnologiýalar ýaly ugurlarda ösdürmegiň möhümdigi barada umumy pikiri beýan etdiler. Taraplar şeýle hem medeniýet, arheologiýa we fransuz dilini öwrenmek babatynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada belläp geçdiler. Fransiýanyň Prezidenti Filipp Merleni Türkmenistandaky diplomatik wekilhana ýolbaşçy edip bellemek hakynda karara geçen aý gol çekipdi. Merlen öň Latwiýada, Finlýandiýada, Owganystanda, Mongoliýada ilçihanalarda, şeýle hem halkara guramalarda — BMG-niň Ženewadaky Fransiýanyň hemişelik wekilhanasynda, Strasburgda Ýewropa Geňeşinde, Wenada BMG-niň bölüminde işledi. Ol Aşgabatda 2020-nji ýyldan bäri işlän ilçi Izabel Gineliň ornuna geçer.