Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Täjigistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farruh Homiddin Şerifzoda 15-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Duşuşygyň başynda ministr türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ösmegine goşan goşandy üçin Ilçä hoşallyk bildirdi. Mundan başga-da, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňişleýin ugurlary boýunça Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky möhüm meseleler we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Tajigistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine Prezident Emomali Rahmon Wafo Niýatbekzodany belledi. Öň, Niýatbekzoda Täjigistanyň DIM-niň Strategik barlaglar müdirliginiň ýolbaşçysy bolup işledi.