Ispaniýanyň ýygyndysy UEFA Milletler ligasynyň finalynda Howratiýa bilen duşuşar. 15-nji iýunda Niderlandlaryň Enshed şäherinde ikinji ýarym final duşuşygy geçirildi. Onda Ispaniýanyň milli ýygyndysy Italiýanyň futbolçylaryny 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Birinji ýarym final duşuşygynda 14-nji iýunda horwatiýalylar niderlandlylary goşmaça wagtda 4:2 hasapda ýeňmegi başardy. Final duşuşygy 18-nji iýunda Rotterdamda geçiriler, üçünji ýer ugrunda duşuşyk şol gün Enshedde geçer. UEFA-nyň ýaryşy bolan Milletler ligasy üçünji gezek geçirilýär. 2019-njy ýylda ony portugaliýalylar, 2021-nji ýylda fransuzlar gazandy. Soňky gezek ispaniýalylar ýaryşyň finalyndan gaýdypdylar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir