Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine täze ýolbaşçy belledi. BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesinde gruziýaly Kaha Imnadze bellendi. Öň bu wezipede köp ýyllaryň dowamynda moldowaly Natalýa German işläpdi. Gruziýaly diplomatyň 30 ýyllyk diplomatiýa ugry boýunç iş tejribesi bar. Ol öz ýurdunyň diplomatik gullugynda 1989-njy ýylda işe başlap, köp sanly wezipelerde işledi. Imnadze häzirki wagtda Gruziýanyň Kanadadaky ilçisi hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilidir. Şeýle hem 2013-2022-nji ýyllarda Gruziýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili boldy. Gruziýaly diplomat 10 ýyl töweregi hususy pudakda hem zähmet çekdi. Ol Tbilisiniň döwlet uniwersitetiniň uçurymydyr. Gruzin, iňlis we rus dillerini bilýär.