Şu gün, 16-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. TDH agentliginiň habar bermegine görä, mejlisde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen bagly meselelere seredildi. Göçme mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany Türkmenistanda döwlet ähmiýetli Arkadag şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri bilen bagly resminamalara gol çekdi. Mejlis tamamlanandan soňra, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Şeýle hem, täze şäherde ulanyljak ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap ulaglary – elektrobuslary, elektromobilleri, jemagat we ýöriteleşdirilen gulluk ulaglary sowgat berildi. Soňra bolsa, türkmençilik däp-dessuryna eýerip, toý sadakasy berildi.