Spidkubing boýunça 21 ýaşly amerikaly çempion Rubigiň kubigini 3,13 sekuntda düzüp, dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär. Rekordlar kitaby kaliforniýaly Maks Parkyň mehaniki tapmaçany düzmek boýunça wagty 0,34 sekunt azaldyp, rekord goýandygyny mälim etdi. Şeýlelik bilen, ol 2018-nji ýylda hytaýly spidkuber Ýuşeng Du tarapyndan goýlan rekordy täzeledi. Öň, Park sportuň bu görnüşinde 3,63 sekunt wagt bilen 2-nji orny eýeledi. Çagalykda oňa autizm diagnozy goýulýar we ol spidkubingi "gowy bejergi" hasaplap, bu sport bilen meşgullanyp başlaýar diýip, onuň ene-atasy gürrüň berýär. "Maksyň suwly gaby açyp bilmeýän wagtlary bolýardy, muňa garamazdan ol Rubigiň kubigini düzmäge gyzyklanma bildirdi" - diýip, olar belledi.