Ýakynda Aşgabat şäherinde Arçabil şaýolunyň ugrundaky Döwlet Medeniýet merkezinde «Öz işiňi nädip gurmaly?» we «Ilatyň maliýe sowatlylygy» temalary boýunça işewürlik seminarlary geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşinde täze döredilen Maglumat beriş bölüminiň ýardamy bilen guralan seminar açyk hem erkin häsiýete eýe boldy. Oňa isleg bildirenleriň ählisi gatnaşyp bildi. Seminar öňüsyrasynda myhmanlara sergi görkezildi. Sergide paýtagtymyzyň 97-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň robototehnika, Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň sungat eserleri, ýaş raýatlarymyzyň ýasan şaý-sepleri görkezilip, zehinli ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Okuw seminaryny «Ak setir» dizaýn studiýasynyň direktory Mekan Jumamyradow hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy Merjen Amanowa alyp bardy. Seminaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar özleriniň gyzyklanýan soraglaryny berip, pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölümi şular ýaly seminarlaryň her aýda bir gezek geçirilip durjakdygyny habar berdi. Indiki seminar iýul aýynyň başynda geçiriler. Has anyk senesini anyklamak üçin telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem Maglumat beriş bölümi ýaş raýatlarymyza boş wagtlary bilimini artdyrmak üçin hepde-de 2 gezek iňlis dilinde we koreý dilinde tölegsiz gurnaklaryň ýola goýlandygyny mälim edýär.