Italiýanyň duşenbe güni aradan çykan öňki premýer-ministri Silwio Berluskoni ýurduň iň baý adamlaryndan biri bolmagynda galýardy. Corriere della Sera gazetiniň habaryna görä, onuň 5 milliard ýewro töweregi mirasy 5 çagasyna we 16 agtygyna geçer. Mirasda esasy paý 4,89 milliard ýewro barabar bolan “Fininvest” maşgala holdingine düşýär. Oňa Mediaset telekompaniýasynyň 50 göterimi we Mondadori neşirýatynyň 53 göterimi, şeýle hem Mediolanum banky girýär. Bäş çaganyň her birine (ilkinji nikadan iki ulusy - Marina we Pýer Silwio - esasy wezipeleri eýeleýär) 7,65%-den düşýär, şonda Berluskoni 61,3%-ni özünde sakladygy bolýar. Forbesiň soňky reýtingine görä, Berluskoni Italiýanyň iň baý adamlarynyň sanawynda üçünji orny eýeleýärdi. Käbir ýyllarda ol birinji ýere hem çykypdy. Žurnal, bazar ölçeglerine görä, onuň baýlygyny 6,9 milliard ýewro diýip çaklady. Berluskoniniň ähli kompaniýalary, şol sanda ozal “Milan” we häzirki “Monza” ýaly futbol klublary üçin esas Fininvest boldy, bu hiç haçan zyýana gitmezlige we ýitgileriň öwezini dolmaga mümkinçilik berdi, mysal üçin Berluskoniniň eýeçiligi soňky ýyllarda “Milan”-dan zyýana galýardy.