Ýaponiýanyň Toyota Motor kompaniýasy 2026-njy ýylda täze nesliň doly elektrik awtomobilleriniň (BEV) hataryny işe girizer. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizine salgylanyp, interfax.ru habar berýär. 2030-njy ýylda kompaniýa 3,5 mln elektromobil satmagy göz öňünde tutýar. Şol bir wagtyň özünde maý aýynda açylan we BEV önümçiligine ýöriteleşen BEV Factory kärhanasynyň paýyna 1,7 mln awtomobil düşer. Bellenilişi ýaly, täze nesil akkumulýatorlarynyň we beýleki tehnologiýalaryň kömegi bilen awtoulagyň ýol ätiýajy 1 müň km ýeter. 2030-njy ýyla çenli Toyota ylmy-gözleg, tejribe-konstruktorlyk işleri we elektromobillere, gibridlere we ýangyç elementlerinde işleýän awtoulaglara, şol sanda ýarym elektrik awtomobillere (30 model) maýa goýumlar üçin 8 trln ýena ($70,4 mlrd) bölüp berer. Awtoöndürijiniň paýnamalary sişenbe güni söwdada 5,1% gymmatlady. Soňky üç aýda kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 20,2%, 28,41 trln ýena çenli ýokarlandy.