Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal Professional Tennisçileriň Assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginiň ilkinji ýüzlüginden çykdy, ol birbada 2000 reýting utugyny ýitirdi. Bu barada gazeta.ru habar berýär. Türgen reýtingde 15-nji orundan 136-njy orna düşdi. Şeýlelik bilen, 121 orun ýitirdi. Ýatlap geçsek, soňky gezek Nadal dünýäniň iň gowy ýüz tennisçisiniň hataryna 2003-nji ýylda goşulmady. Nadal Fransiýanyň Açyk çempionatyny (“Rolan Garros”) sypdyrdy. Türgeni henizem arka myşsasy biynjalyk edýär. Häzirlikçe Nadalyň tennis meýdançasyna haçan çykjakdygy belli däl. Ispaniýaly türgeniň hasabynda “Uly tuwulga” ýaryşlarynda jemi 22 ýeňiş bar. 36 ýaşly Nadal şikes sebäpli Awstraliýanyň Açyk çempionatyndan bäri çykyş edip bilmedi. Ol ýaryşdan eýýäm ikinji tapgyrda amerikaly Makkenzi Makdonalddan üç setde 4:6, 4:6, 5:6 hasabynda utulyp çykdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir