Türkmenistan Merkezi Aziýa futbol Assosiasiýalarynyň milletler kubogynyň — CAFA Nations Cup-2023-iň ikinji tapgyrynda Özbegistandan ýeňildi. «Pahtakor» stadionynda geçen duşuşyk özbek futbolçylarynyň peýdasyna 2:o hasabynda tamamlandy. Özbegistandan Italiýanyň «Spesiýa» klubunyň oýunçysy Eldor Şomurodow dubl etdi. Özbegistandan utulandygyna garamazdan, Türkmenistan topardan ikinji bolup çykmaga mümkinçiligini saklap galýar. Bu bolsa biziň ýygyndymyza ýaryşyň üçünji orny üçin göreşmäge mümkinçilik berýär. Ugurdaş duşuşykda «A» toparda Täjigistan bilen Oman 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Iki tapgyrdan soň, «A» toparda Özbegistan 6 utuk bilen birinji ýeri eýeledi. Ikinji ýerde Täjigistan (2 utuk), ondan soňra Türkmenistan (1 utuk) we Oman (1 utuk) ýerleşdi. Topardan çykmak üçin türkmen toparyna Omany ýeňmek, şeýle hem Özbegistanyň Täjigistandan utulmazlygyna umyt etmek gerek. CAFA-2023-iň toparlaýyn tapgyrynyň Türkmenistan bilen Omanyň arasyndaky jemleýji duşuşygy 17-nji iýunda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir